“Erkin Hyzmat” Hususy Kärhanasy demir gurnama önümçiliginde we gurnama işlerine mahsus bolan güýçli ýolbaşçylyk we guramaçylygyň alamatlaryna eýediris. “Erkin Hyzmat” H.K-sy ýyllyk 6 000 tonnadan artyk gurnama we önümçilik sygymyna eýe bolan kärhanamyz öz ugrunda öňde gelýän kärhanalaryň biri bolup, Türkmenistanyň Änew şäherindäki önümçilik sehinde işlerini ýöredýär. Kärhanamyz esaslandyrlanyndan bäri inženerçilik, önümçilik we gurnama işlerinde ýyllara daýanýan güýjimizi görkezip dünýä standartlaryna laýyk gelýän önümçilik taýýarlap müşderileriň aragatnaşygyny kemsiz ýerine ýetirip, ýokary hilli tehnologiýalardan peýdalanyp, ýokary hil düşünjesi bilen işläp, hem içeri hem-de daşary ýurtlardaky uly möçberli işleri ýerine ýetirýär. “Erkin Hyzmat” H.K – milli we halakara arenasynda özüne eýe bolan ýerini almak üçin industrial binalarda, energetika işlerinde, fabrika binalarda, howa menzillerinde, söwda merkezlerinde, sport komplekslerinde, otel taslamalaryna meňzeş köp ýerdäki işlerde bäsleşige girendir. Mundan beýläk hem gurulýan taslamalarda globallaşýan dünýäde öz ýerini almak üçin aýgytly we buýsanç bilen goýan maksatlaryny, ýollaryny dowam etjekdir. Kemsizlik, täzelikçilik, tizlik, ygtybarlylyk, adaty maşgala gymmatlyklary, işgär şatlygy we howpsyzlyk “Erkin Hyzmat” H.K-nyň biznes etikasynyň esasydyr.